Ýamalyň 10-luk belgili köýnekçesi “Barselonanyň” dükanlarynda satuw rekordyny goýdy

  • 21.07.2025 11:35
  • 12k+

Lamin Ýamalyň 10-luk belgili köýnekçeleri “Barselonanyň” resmi dükanlarynyň taryhynda satuw rekordyny goýdy. Bu barada Culemania neşiri habar berýär.

Şu möwsümde resmi taýdan 10-njy belgini alan winger klub merçiniň taryhynda bir günde iň köp satylan harydyň awtory boldy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Nike kompaniýasy 70 000 köýnekçeden ybarat ilkinji toplumy sargyt etdi – ol 170 ýurda ibermek üçin paýlandy. Ilkinji toplumdan garaşylýan girdeji, takmynan, 10 mln ýewro barabar. Ýakyn aýlarda klubuň resmi satuw dükanlarynda haryt ätiýaçlygynyň üstüni doldurmak üçin täze üpjünçiligi ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Çaga köýnekçesiniň bahasy 114,99 ýewro, ulularyňky – 134,99 ýewro barabar. Şeýle-de, oýunçylar tarapyndan ulanylýan köýnekçä meňzeş eksklýuziw wersiýa hem elýeterli, onuň bahasy 184,99 ýewro. Esasy isleg ilkinji iki modeliň paýyna düşýär, ýöne premium wersiýa hem uly islegden peýdalanýar, ony, esasan, Aziýadan syýahatçylar satyn alýar.
Culemania-nyň maglumatlaryna görä, klubuň dükanlarynyň birinde iki günde 400-den gowrak köýnekçe satyldy. Işgärler harydyň çalt satylýandygyny, ýöne ätiýaçlykda köýnekçeleriň heniz bardygyny belleýär.
“Barselonanyň” merçandaýzingine jogap berýän BLM kompaniýasy eýýäm 2025/26 möwsüminde girdeji boýunça taryhy rekordyň goýuljakdygyny aýtdy.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....