Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

  • şu gün 17:21
  • 1.3k+

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar.

Mbappeniň bazar bahasy $20 million ýewro ýokarlanyp, $200 million ýewro çykdy. Bu baha ony “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holand we “Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal bilen deň edýär – olaryň hem bahasy $200 million ýewro.
26 ýaşly fransuz hüjümçiniň bahasynyň “Pari Sen-Žermen” toparynda oýnan döwründe hem bu iň ýokary derejä ýetendigini bellemek gerek.
Ispaniýanyň çempionatynyň iň gymmat 10 oýunçysy:

  1. Lamin Ýamal (“Barselona”) — $200 million ýewro
  2. Kilian Mbappe ("Real") — $200 million ýewro
  3. Jud Bellingem ("Real") — $160 million ýewro
  4. Winisius Žunior (“Real”) — $150 million ýewro
  5. Pedri (“Barselona”) — $140 million ýewro
  6. Federiko Walwerde ("Real") — $120 million ýewro
  7. Hulian Alwares (“Atletiko”) — $100 million ýewro
  8. Arda Güler (“Real”) — $90 million ýewro
  9. Rafinýa (“Barselona”) — $80 million ýewro
  10. Pau Kubarsi (“Barselona”) — $80 million ýewro

Kilian Mbappe “Real” toparynda 2024-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol klub üçin ähli ýaryşlarda 80 oýunda çykyş edip, 69 gol geçirdi we 9 netijeli pas berdi. Ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy we 2022-nji ýyldaky Dünýä Kubogynda kümüş medala eýe boldy.


düýn 10:46
18k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi...

13.12.2025 17:42
15k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar...

12.12.2025 16:20
2.9k+

«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy...

11.12.2025 18:31
5.8k+

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlarynda her ýarymyň ortasynda oýunçylaryň suw içmegi üçin üç minutlyk hökmany arakesmäniň girizilendigini habar berdi. Arakesmeler ähli gatnaşyjy toparlar üçin deň şertleri üpjün eder ýaly howanyň nähilidigine garamazdan yglan ediler...