«Bize aklymyzdan azaşandyrys öýtdüler»: «Barselona» Ýamaly €250 milliona PSŽ-ä satmakdan ýüz öwürdi

  • 24.02.2026 14:20
  • 15k+

«Barselona» futbol kluby mundan iki ýyl ozal hüjümçi Lamin Ýamal üçin «Pari Sen-Žermeniň» hödürlän 250 million ýewrolyk transfer teklibini ret etdi. Bu maglumaty katalon klubynyň öňki prezidenti Žoan Laporta tassyklady.

«Mundan iki ýyl ozal PSŽ bize Lamin Ýamal üçin 250 million ýewro hödürledi. Biz bu teklipden ýüz öwürdik. Şol wagt Ýamal 17 ýaşyndady. Käbir adamlar bize aklymyzdan azaşandyrys öýdüpdiler» diýip, Laporta gürrüň berdi. Onuň bu sözlerini žurnalist Fabrisio Romano paýlaşdy.
Häzir Lamin Ýamal 18 ýaşynda. Ol «Barselonanyň» öz akademiýasynyň ýetişdiren oýunçysy bolup, 2023-nji ýylyň aprelinden bäri klubyň esasy düzüminde çykyş edýär. Futbolçy ilkinji gezek meýdança ýaňy bir 15 ýaşyndaka çykypdy.


Arzyly futbolçy şu möwsümde ähli ýaryşlarda 33 oýna gatnaşyp, 15 gol geçirdi we 14 assist etdi.
2024/25-nji ýyllar möwsüminde ol «Barselonanyň» düzüminde Ispaniýanyň çempionlygyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy. 2024-nji ýylda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempiony boldy. 
Häzirki wagtda «Barselona» 61 utuk bilen Ispaniýanyň La Ligasynyň ýaryş jedwelinde birinji orunda barýar.
Žoan Laporta fewralyň başynda katalon klubunyň täze prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin wezipesinden çekilipdi. Saýlawlar 15-nji martda geçiriler, ýeňiji bolsa 1-nji iýuldan resmi taýdan öz wezipesine girişer.


şu gün 10:53
2.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......