Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 28.05.2025 12:34
  • 7.4k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär. 

17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Öňki şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 180 mln ýewro.
Mundo Deportivo-nyň maglumatlaryna görä, täze şertnamada oýunçynyň başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli pul 1 mlrd ýewro derejesinde galdy.
Futbolçynyň zähmet haky toparyň netijelerine we onuň şahsy üstünliklerine baglylykda artdyrylar. Şertnamada bonus, şol sanda “Altyn top” baýragyny alandygy üçin goşmaça töleg hem göz öňünde tutulýar. Diario Sport-yň habar bermegine görä, Ýamalyň esasy tölegi salgytlardan soň ýylda 8 mln ýewro bolar. Bonuslary hasaba alanyňda, futbolçynyň girdejisi ýylda 15-20 mln ýewro ýetip biler, bu oýunçyny klubuň iň köp girdeji gazanýan oýunçysyna öwrer. 
Ýamal “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy. Ol geçen tomus Ýewropa çempionatynyň iň gowy ýaş oýunçysy, ýaryşyň taryhynda iň ýaş oýunçy we gol awtory hökmünde Ýewronyň rekord eýesi boldy. Şol ýaryşyň netijesinde Ispaniýa ýeňiş gazandy.
2024-nji ýylyň noýabrynda futbolçy Ýewropanyň iň gowy ýaş oýunçysy hökmünde Golden Boy baýragyny aldy.
Ýamal “Barselona” bilen bilelikde iki gezek Ispaniýanyň çempionatyny, şeýle-de ýurduň Kubogyny we Superkubogyny utdy. 2024/2025 möwsüminde futbolçy ähli ýaryşlarda 55 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we 25 assist etdi.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....