“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy

  • 16.05.2025 10:48
  • 11k+

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy.

La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy.
Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy. 80-nji minutda “Espanýolyň” goragçysy Leandro Kabrera Ýamala garşy urgy ulanandygy üçin meýdançadan çykaryldy. Netijede, topar oýny  azlykda tamamlady.

Çempionatyň gutarmagyna iki tapgyr galanda öňdebaryjy “Barselonanyň” hasabynda 85 utuk bar. Topar ikinji orunda gelýän Madridiň “Realy” üçin yzyndan ýetmezek boldy. Bu klublaryň arasynda ýedi utuk tapawut bar.
“Barselona” üçin bu Primerde 28-nji çempionlyk boldy. Bu görkeziji boýunça klub diňe “Realdan” (36) yza galýar. 



düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
5.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....