Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

  • 21.04.2026 14:50
  • 4.9k+

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko we ispaniýaly Karlos Alkaras ykrar edildi.

Ýylyň iň gowy zenan türgeni ugrundaky bäsleşikde Sobolenko «Barselonanyň» futbolçysy Aýtana Bonmati, amerikaly ýeňil atletikaçy Melissa Jeferson-Wuden, keniýaly ýeňil atletikaçy Feýt Kipýegon, amerikaly suwda ýüzüji Keti Ledeki we onuň watandaşy ýeňil atletikaçy Sidni Maklaflin-Lewron ýaly güýçli bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy.

Erkekleriň arasyndaky nominasiýada Alkarasdan başga-da, baýraga şwesiýaly syrykly böküji Arman Dýuplantis, «Pari Sen-Žermeniň» fransuz futbolçysy Usman Dembele, ispaniýaly moto-ýaryşa gatnaşyjy Mark Markes, sloweniýaly welosipedçi Tadeý Pogaçar we italiýaly tennisçi Ýannik Sinner dalaş etdi.

«Ýylyň ýaş türgeni» diýlip «Barselonanyň» 18 ýaşly ispaniýaly hüjümçisi Lamin Ýamal ykrar edildi. Futbolçy baýragy kabul edip alanda maşgalasyna we toparyna minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň ony öňe gitmäge höweslendirjekdigini belledi. Ol öz çykyşynda watandaşy Karlos Alkarasy hem mynasyp ýeňşi bilen gutlady.

Belläp geçsek, bir ýyl mundan ozal Ýamal eýýäm bu baýragyň «Ýylyň öňegidişligi» kategoriýasynda ýeňiji bolupdy. 2025-nji ýylyň netijesi boýunça bolsa, bu kategoriýada baýragy Formula-1-iň «Maklaren» toparyndan britaniýaly sürüji Lando Norris aldy. 


şu gün 19:10
2.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....