Lamin Ýamal ÝUNISEF-iň ilçisi boldy

  • 21.11.2024 23:19
  • 5.1k+

Katalonlaryň "Barselonasynyň" we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Lamin Ýamal Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ilçisi boldy. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, futbolçy tölegsiz esasda guramanyň ilçisi boldy.
"Barselona" ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bilelikdäki çäreleri köp geçirýär. Ýamal entek bäbek wagty bu wakalaryň birine gatnaşypdyr. BMG-niň Çagalar gaznasy üçin klub 2007-nji ýylda ilkinji toparyň futbolçylarynyň suratlary bilen haýyr-sahawat senenamasyny çykardy: bu senenamalaryň satuwynyň 50%-i guramanyň ösmedik ýurtlarda amala aşyran taslamalary üçin ÝUNISEF-e iberildi. Bu çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we has gowy mümkinçilikler bilen üpjün etmek maksatly amal edildi. Şol waka üçin düşürilen suratlaryň arasynda Lionel Messiniň bäbejik Ýamaly ýuwundyrýandygyny görkezýän suratlar bar.
Lamin şol wagt hatda alty aýlyk hem däldi diýip, championat.com ýazýar.


25.05.2026 23:07
6.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 20:46
4.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5.1k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....