Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

  • 15.03.2026 20:14
  • 11k+

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär.

Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi. Emma žurnalistleriň berýän maglumatyna görä, Kataryň Futbol assosiasiýasy sebitdäki durnuksyz ýagdaý sebäpli ähli sport ýaryşlaryny we bäsleşiklerini wagtlaýynça togtatmak barada karar kabul etdi. Duşuşygyň ýatyrylandygy baradaky resmi habaryň ýakyn wagtda berilmegine garaşylýar.

Mundan ozal COPE neşiri duşuşygyň Madride, «Santýago Bernabeu» stadionyna geçirilip bilinjekdigi barada habar beripdi. Ýöne biraz soňra çeşmelerde Argentinanyň Futbol assosiasiýasynyň bu meýdançada oýnamakdan ýüz öwrendigi mälim edildi.

Ýatlap geçsek, bu kubogyň häzirki eýesi Argentinanyň ýygyndysydyr. Topar 2022-nji ýylda Londonyň «Wembli» stadionynda Italiýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňipdi.


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....