Adam üçin kim has howply – adamyň özümi ýa-da jandarlar? Birinji ýer sizi geň galdyrar

  • 15.05.2026 19:10
  • 13k+

«Our World in Data» gözleg taslamasynyň maglumatlaryna görä, keselleri göteriji we ýaýradyjy ownuk mör-möjekler adam üçin uly ýyrtyjylardan has uly howp döredýär.

Geň galdyryjy hem bolsa, iň howply jandarlaryň sanawynda birinji orny çybynlar eýeleýär. Olar gyzzyrma, Denge gyzzyrmasy we sary gyzzyrma ýaly keselleri ýaýratmak arkaly her ýylda, takmynan, 760 müň adamyň wepat bolmagyna sebäp bolýar.

Mör-möjekler tarapyndan geçirilýän has ölüm howply kesel gyzzyrma bolmagynda galýar — BSGG-niň maglumatyna görä, diňe 2022-nji ýylda bu kesel, esasan, Nigeriýa we Kongo Demokratik Respublikasy ýaly ýurtlarda 600 müň adamyň aradan çykmagyna getirdi.

Bu sanawyň ikinji ornunda bolsa adamyň özi durýar: jenaýatçylaryň eli bilen her ýyl ýüz müňlerçe adam heläk bolýar.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, zäherli ýylanlar ýylda, takmynan, 100 müň adamyň ölümine sebäp bolýan bolsa, itler guduzlyk wirusy zerarly 40 müň töweregi adamyň pida bolmagyna getirýär.

Şeýle hem süýji suw ulitkalary we triatom tagtabitleri uly howp döredýär — olar şistosomoz we Şagas kesellerini ýaýradyjylardyr.

Hünärmenler akulalara ýa-da içýanlara bolan adaty gorkulara garamazdan, dünýäniň iň garyp sebitlerinde hut sanjymlara elýeterliligiň we ownuk mugthorlara garşy göreşmegiň müňlerçe adamyň ömrüni halas etmegiň esasy açarydygyny aýratyn nygtaýar.


22.06.2026 23:12
4.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......