Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

  • şu gün 11:37
  • 651

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany Surface Topography: Metrology and Properties ylmy žurnalynda çap edildi.

Bu usul suratlaryň ýokary durulykdaky sanly şekillerini üç ölçegli (3D) kartalara öwürmäge esaslanýar. Fraktal hasaplamalaryň kömegi bilen ulgam üstüň büdür-südürligini we suratkeşiň çotga uruş aýratynlyklaryny seljerýär. Awtoryň suraty çekende galdyrýan özboluşly yzlary wagt geçse-de üýtgemeýär diýen ýalydyr we ol her bir ussadyň şahsy «goly» bolup hyzmat edýär.

Synag netijeleri.Täzelik Winsent wan Goga degişli edilýän suratlaryň ýüzünde şowly synagdan geçirildi: ulgam «Sürümçiler» eseriniň galpdygyny derrew anyklady. «Monmažurda şapak batyşy» suratynyň görkezijileri (onuň hakykylygy ozal başga usullar bilen subut edilipdi) wan Goguň äheňi bilen doly gabat geldi. Bu tehnologiýa Winsent wan Goguň we XVII asyryň şwed suratkeşi Dawid Kleker Erenştralyň çotga uruşlarynyň arasyny aýdyň tapawutlandyrmagy başardy. Şularyň özi-de onuň giňden ulanylyp bilinjekdigini subut edýär.

Sungat bazary üçin ähmiýeti. Seljermäniň adaty usullary (bilermenleriň pikiri, gelip-çykyş taryhyny öwrenmek, reňkleriň himiki seljermesi we sanly seljerme) netijelidir, ýöne olar gaty köp yhlas talap edýärler we hemişe takyk jogap bermeýärler.

Galplaşdyrmak meselesi häzirki wagtda örän ýitileşýär. Meselem, emeli aň iri onlaýn meýdançalarda Mone we Renuaryň işleri hökmünde satylmaga synanyşylan 40-a çenli galp suraty tapmaga kömek etdi. Täze galtaşmasyz çemeleşme nusgawy ekspertizanyň ýerini tutmaz, ýöne medeni mirasy has netijeli goramaga kömek edip, esasan-da, materiallaryň himiki seljermesi bilen utgaşdyrylanda onuň üçin güýçli goşmaça bolar.


şu gün 11:21
570

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

şu gün 10:36
543

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

şu gün 07:47
778

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

düýn 23:05
1.9k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......