Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär.
Ekspozisiýa XX asyryň ussatlarynyň, şol sanda Amedeo Modilýaniniň, Gustaw Klimtiň, Pablo Pikassonyň, Edgar Deganyň we Lusýen Freýdiň 48 sany işi girizildi. Sotheby’s auksion öýüniň berýän maglumatlaryna görä, bu Ýewropada häzire çenli satuwa çykarylan, bir şahsa degişli bolan iň gymmat bahaly kolleksiýadyr.
Deslapky syn ediş tomaşaçylar üçin mugt bolup, ol Sotheby’s auksion öýüniň Londondaky ofisinde 23-nji iýuna çenli dowam eder.
Iň gymmatly 25 sany eser 24-nji iýunda auksiona çykarylar, galan lotlar bolsa ertesi gün satuwa goýlar.
Auksionyň esasy loty Amedeo Modilýaniniň 1917-nji ýylda çeken «Nu assis au collier» atly suraty bolar. Onuň bahasynyň 61 million dollardan geçmegine garaşylýar. Bu surat satyjylara 1995-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hödürlenilýär.
Beýleki ähmiýetli işleriň arasynda Gustaw Klimtiň 27 milliondan 41 million dollara çenli bahalandyrylýan «Portrait of Gertrud Loew» suraty, Edgar Deganyň «Petite danseuse de quatorze ans» heýkeli we Pablo Pikassonyň Dora Maara bagyşlanan «Buste de femme» atly suraty bar.


