Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

  • 13.06.2026 12:25
  • 3.8k+

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň ýokary bahasy 150 müň ýewrodan geçmedi.

Agence France-Presse (AFP) agentliginiň habar bermegine görä, netijede bu lot satylmady we ony auksiondan aýyrmaly boldy.

Munuň sebäbi, hödürlenen 150 müň ýewronyň ilkibaşda garaşylan bahadan ep-esli pes bolmagydyr: söwdalar başlamazdan ozal bilermenler ýantorbanyň gymmatyny 300 müňden 500 müň ýewro aralygynda bahalandyrypdy, ýöne söwdalaryň özi 100 müň ýewro başlangyç mukdar bilen açyldy.

Ýantorbanyň gymmaty nämede?

Bu aksessuar diňe ýeke-täk nusgada bar. Ony polşaly dizaýner Mihal Hadasa degişli bolan Enfin Leve kompaniýasy taýýarlady. Ýantorba neýlon bag, kümüş elementler we gara göwherler bilen bezeldi.

Auksion öýüniň saýtynda ýerleşdirilen beýanda taslamany döredijiler onuň konseptini şeýle düşündirýär:

«Bu ýantorba üçin material gönüden-göni ýitip giden haýwandan alynmady, ol tirannozawryň dikeldilen we modellere geçirilen deri beloklarynyň, has takygy kollageniň esasynda barlaghanada öýjük derejesinde täzeden döredilen deridir. Şeýlelikde, bu adyň aňladýan güýji diňe bir söz oýny bolman, ol ýitirilen dünýäniň biologik taýdan gaýtadan dikelmegi hökmünde göz öňünde tutulan täze bir materialy görkezýär».

Döredijiler ozal gymmat bahaly gözellik önümleri seýrek duş gelýän haýwanlaryň derisinden ýasalan bolsa (bu eýesiniň statusyny görkezse-de, görnüşleriň gyrylmagyna getiripdi), bu usulyň barlaghanada şol materialy täzeden döretmek ýaly alternatiwany hödürleýändigini nygtaýar.

AFP agentligi tarapyndan sorag edilen bilermenleriň materialyň hakykylygy baradaky pikirleri dürli-dürli boldy.

Söwdalar bilen baglanyşykly işleýän bilermen-paleontolog Ýakopo Briano häzirkizaman biotehnologiýalarynyň öýjük kulturasyny programmirlemäge we barlaghanada hakyky tirannozawr derisini almaga, hakykatdan-da, mümkinçilik berýändigini aýtdy. Emma Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwersitetiniň paleontology Meri Şwaýser kollageniň ähli haýwanlarda bar bolan uniwersal molekuladygyny belleýär. Onuň pikiriçe, dinozawryň galyndylaryndan alnan nusganyň esasynda hut onuň öz derisini takyk dikeltmegiň başardandygyna hiç hili kepillik ýok.


02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

22.05.2026 20:19
4.3k+

Benksiniň suraty tas 18 mln dollara satyldy. Bu onuň iň gymmat üçünji eseri

Benksiniň «Tapylan peýzaždaky gyzjagaz we şar» (2012) atly eseri ýapyk görnüşde geçirilen auksionda 17,94 million dollara satyldy. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, bu söwda bäsleşigi......