Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

  • 30.05.2026 11:30
  • 4.7k+

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada «Artnet News» neşiri habar berýär.

Söwda 14-nji iýulda Nýu-Ýorkda, tebigy taryh auksionynyň çäklerinde geçiriler. Sotheby’s-yň maglumatyna görä, bu görkeziji dinozawrlaryň skeletleri üçin häzire çenli bellenilen iň ýokary ilkinji bahadyr.

Tapyndynyň ýaşy, takmynan, 67 million ýyla barabar. Galyndylar Günorta Dakota ştatynyň Harding okrugynyň çäginde, merhum Geri «Gas» Likingiň mülkünde tapyldy. Ol birnäçe ýylyň dowamynda öz ýerinden aýratyn süňk böleklerini we dişleri tapypdy, şondan soň 2021-nji ýylda bu gözleg işlerine Theropoda Expeditions hünärmenler topary goşuldy.

Gazuw-agtaryş işleri 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli, üç tomus möwsüminde dowam etdi. Soňra galyndylar arassalamak, anyklamak we kataloglaşdyrmak üçin ýörite barlaghana iberildi. Skelet işler başlanandan bir ýyl soň aradan çykan Likingiň hormatyna atlandyryldy.

Gas jemi 183 sany gazylyp alnan süňk böleklerinden ybarat. Olaryň arasynda örän gowy saklanan kelleçanak, iki daban we seýrek duş gelýän egin süňkleri bar. Sotheby’s tarapyndan berlen baha boýunça, skelet, takmynan, 63% durşuna saklanypdyr. Süňkleriň käbirinde biten döwükleriň we dişlemeleriň yzlary görünýär.

Ýygnalan skeletiň uzynlygy, takmynan, 11,5 metre, beýikligi bolsa 3,8 metre ýetýär. Ölçegleri we saklanyş derejesi boýunça Gas mundan ozal auksionlarda satylan Sten we Sýu atly tirannozawrlar bilen deňeşdirilýär.

Söwdanyň öňüsyrasynda skelet 1-nji iýuldan 14-nji iýul aralygynda Nýu-Ýorkdaky Broýer binasynda köpçülige görkeziler.


17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....