Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

  • 02.06.2026 20:32
  • 7.7k+

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan ybarat.

Eser Kattelanyň 40 işi görkezilýän «Un Dimanche Sans Fin» («Çäksiz ýekşenbe») atly sergide görkezilýärdi. «Times» neşiriniň habar bermegine görä, bananyň ýokdugyny şenbe güni ir bilen garawul görüpdir.

Waka bolandan soň, muzeý polisiýa habar beripdir, netijede jenaýat işi gozgaldy. Tiz wagtdan eser dikeldildi, ýiten bananyň ýerine täzesi goýuldy. Muzeýiň wekilleri «düzedip bolmajak zeperiň ýetmändigini» mälim etdiler.

Banan bitewi konsepsiýanyň bir bölegi bolup, zaýalanan badyna çalşyrylyp durulýar. Käwagt ony sergä gelenler ýa-da dürli çäreleriň gatnaşyjylary iýýärler.

«Komediant» ilkinji gezek 2019-njy ýylda Maýami-Biçdäki häzirki zaman sungaty ýarmarkasynda görkezilipdi. Eseri döretmek üçin suratkeş Maýaminiň bir dükanyndan satyn alnan adaty banany ulanypdy. Taslama uly jemgyýetçilik seslenmesine we häzirki zaman sungatynyň tebigaty baradaky çekişmelere sebäp boldy.

Işe goşmaça ünsi suratkeş Dewid Datuna özüne çekipdi, ol serginiň dowamynda banany diwardan sogrup, köpçüligiň gözüniň alnynda iýipdi. Eksponat dikeldilenden soň, ýene bir gezek iýlipdi. Şol ýyl eseriň iki nusgasy her biri 120 müň dollardan satylyp, üçünjisi bolsa Nýu-Ýorkdaky Guggenhaým muzeýine sowgat berlipdi.

2024-nji ýylda «Tron» blokçeýn taslamasynyň esaslandyryjysy Jastin San installýasiýadaky banany Nýu-Ýorkdaky «Sotheby's» auksionynda 6,2 million dollara satyn alyp, soňra ony iýipdi.


düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

20.06.2026 16:49
3.7k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......