«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy.
Mundan öňki rekord hem edil şu oýnuň başga bir nusgasyna degişlidi. Ol 2021-nji ýylda 2 million dollara satylypdy. Ýakynda geçirilen söwdalarda bolsa «Super Mario 64» oýnunyň kartriji 1,56 million dollara eýesini tapypdy.
Bu oýun gabynyň beýle gymmat bahalanmagy onuň juda seýrek duş gelýändigi bilen baglydyr. Tapylan bu nusga 1985-nji ýyldaky ikinji tapgyr çykarylyşyna degişli bolup, ol gyzgynlyk bilen gysylýan plýonka däl-de, ýalpyldawuk ýelmeşýän ýazgy bilen möhürlenipdir. Gaplamagyň şeýle usulyndan tiz ýagdaýda ýüz öwrülipdi.
Auksionyň düşündirişinde munuň oýnuň şu güne çenli saklanyp galan, gaby açylmadyk iň irki nusgasydygy bellenilýär. Professional Sports Authenticator ekspert kompaniýasy kartrijiň ýagdaýyna 9,6 A++ diýen iň ýokary bahany berdi.
Soňky ýyllarda seýrek duş gelýän kolleksiýa oýun önümleriniň bahasy diýseň çalt ýokarlandy. Mysal üçin, 2020-nji ýylda «Super Mario Bros.» oýnunyň ýene bir nusgasy bäsleşikli söwdalarda satylan wideooýunlaryň arasynda 114 müň dollar bilen şol döwrüň rekordyny goýupdy.