Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

  • 08.06.2026 16:23
  • 2k+

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play tanyşdyrylyşynda köpçülige hödürlendi.

Oýnuň sýužeti God of War (2018) oýnunyň wakalary bilen ugurdaş ýaýbaňlanýar. Hekaýat Feýiň ölüminden, ýagny 2018-nji ýyldaky oýnuň başlan pursaty bolan jaýlanyşdan soň başlanýar. Habara görä, baş gahryman ylahy barlyklar üçin niýetlenen o dünýäde peýda bolýar. Oýundaky wakalar diňe bir skandinaw mifologiýasynyň gahrymanlarynyň arasynda geçmän, eýsem başga medeniýetleriň, şol sanda aziýa medeniýetiniň wekillerini hem öz içine alar.

Feýiň esasy maksady Kratosyň we Atreýiň ilkibaşdaky ykbalyny dikeltmekden ybarat bolar. Oýunda baş gahryman ýaraglary we jadylyk ukyplaryny ulanar, söweşlerde bolsa oňa täze dostlary hem-de bu oýun toplumynyň janköýerlerine öňki bölümlerden tanyş bolan gahrymanlar kömek eder.

Görkezilen treýlere görä, işläp düzüjiler hekaýatyň kinematografik görnüşde bolmagyna aýratyn üns berýär, bu bolsa franşizanyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri bolmagynda galar.

God of War Laufey oýnunyň resmi taýdan çykjak wagty häzirlikçe mälim edilmedi. Ýöne bu oýnuň diňe PlayStation 5 üçin eksklýuziw boljakdygy bellidir.


22.06.2026 14:49
1.8k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

29.05.2026 11:34
6.1k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......