«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

  • 29.05.2026 11:34
  • 6.1k+

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy.

Düýnden, ýagny 28-nji maýdan başlap, oýunda ygtyýarnamasy bolan 53 sany milli ýygyndy toparyň gatnaşmagynda wirtual ýaryş başlady. Ýaryşyň geçiriliş ulgamy we oýundan çykaryş tertibi geljekki hakyky Dünýä çempionatynyň gurluşyna ýakynlaşdyrylar.

4-nji iýundan başlap, oýlap düzüjiler toparlaryň oýun formalaryny we atributikasyny täzeläp başlarlar. Şol gün oýunda sylaglaryň täze ulgamy — tokenler (nyşanlar) peýda bolar. Oýunçylar olary «Rivals», «Champions» we «Squad Battles» ýaly dürli režimlerde alyp bilerler, soňra bolsa olary futbolçylaryň toplumyna we kartoçkalaryna çalşyp bilerler.

Işläp düzüjiler oýun prosesine hem üýtgeşmeleri girizýärler. Hususan-da, oýunçylara garşydaşlaryny iteklemäge kömek edýän «Göreş+» (Bорьба+) oýun stili gowşadylar. Mundan başga-da, gorag häsiýetleri ýokary bolan futbolçylarda topy almak usuly gowulandyrylar we toparlaýyn basyşyň (pressingiň) täsirliligi peseler.


13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:06
7.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....