Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

  • 27.05.2026 15:37
  • 1.5k+

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy (geçen ýyl 9,90 mlrd dollar), emma operasion peýda 11% peselip, 687 million dollara düşdi.

Kompaniýa peýdanyň peselmeginiň esasy sebäbi hökmünde «Pixomondo» wizual effektler we wirtual önümçilik studiýasynyň ýapylmagy bilen bagly çykdajylary görkezdi. Sony-niň maglumatyndan çen tutsaň, eger bu çykdajylar hasaba alynmadyk bolsa, operasion peýda 858 million dollara çenli ýokarlanardy.

Kompaniýa öz telekeçiligini goldan esasy faktorlaryň biri hökmünde anime ugruny görkezdi. Sony bu ýerde «Crunchyroll» serwisiniň girdejisiniň artandygyny, şeýle hem dünýä prokatynda 740 million dollardan gowrak ýygnan «Arwah awçysy: gutarmaz gala» filminiň uly üstünlik gazanandygyny belledi.

Hasabat döwrüniň iň şowly taslamalaryň arasynda 183 million dollar ýygnan «GOAT: Ulurak arzuw et» («GOAT: Мечтай по-крупному»), 151 million dollar ýygnan «28 ýyl geçensoň» («28 лет спустя») we 118 million dollar ýygnan «Zynjyrige adam. Film: Rezäniň hekaýaty» («Человек-бензопила. Фильм: История Резе») ýaly filmler hem bar.

Sony-niň hasabat döwründäki iň iri dört goýberilişiniň üçüsi animasiýa taslamalary boldy. Şunda kino bölüminiň girdejisi 18% peselip, 4,01 milliard dollardan 3,28 milliard dollara düşdi. Kompaniýa has uly pese gaçyşyň öňüni almakda anime taslamalarynyň şowly bolmagynyň we telewideniýe önümçiliginiň 13% ösmeginiň uly täsir ýetirendigini boýun alýar.


şu gün 09:56
825

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
685

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......