Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

  • 24.05.2026 16:26
  • 6k+

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr.

Surat agşamky söwdalaryň esasy loty boldy. Ol deslapdan 100 million dollara bahalandyrylypdy. «Artnet News-iň» maglumatlaryna görä, surat ugrunda alty adam bäsleşdi, ýeňiji bolsa telefon arkaly baha kesdi. Onuň ady aýan edilmeýär.

Pollok «Number 7A-ny» 1948-nji ýylda 36 ýaşynda döretdi. Iş boýagyň mata sepilýän ýa-da guýulýan «dripping» usulynda ýerine ýetirilen ilkinji eserleriň biri hasaplanýar. Suratyň ölçegi inine takmynan 3,3 metr we beýikligine 1 metre golaýdyr.

Eser ozal 2017-nji ýylda aradan çykan media-magnat S.I. Nýuhausa degişli eken. Ol suraty 2000-nji ýylda «Sotheby’s-iň» öňki eýesi A. Alfred Taubmandan satyn alypdy. Pollogyň öňki auksion rekordy 61,2 million dollar bolup, ol 2021-nji ýylda goýlupdy.

«Christie’s» agşamyň dowamynda jemi üç sagada golaý wagtyň içinde 1 milliard dollardan gowrak çeperçilik eserlerini satdy. Nýuhausyň kolleksiýasyndan satylan on alty eser 630,8 million dollar getirdi.

Başga uly satuwlaryň hatarynda Konstantin Brankuziniň 1913-nji ýylda döreden bürünç kelle heýkeli «Danaïde» 107,6 million dollara, Mark Rotkonyň «No. 15 (Two Greens and Red Stripe)» suraty bolsa 98,4 million dollara satyldy. Bu netijeleriň ikisi hem awtorlar üçin rekord bolup durýar.


düýn 12:25
2.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....