Benksiniň suraty tas 18 mln dollara satyldy. Bu onuň iň gymmat üçünji eseri

  • 22.05.2026 20:19
  • 4.3k+

Benksiniň «Tapylan peýzaždaky gyzjagaz we şar» (2012) atly eseri ýapyk görnüşde geçirilen auksionda 17,94 million dollara satyldy. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, bu söwda bäsleşigi 20-nji maýda Nýu-Ýorkuň Tiffany & Co dükanynda Fair Warning kompaniýasy tarapyndan guraldy.

Bu eser ak we gara reňklerde ýerine ýetirilen bolup, ondaky ýeke-täk ýiti reňkli şekil — ýürek şekilli gyzyl şardyr. Sungat hünärmenleri bu eseriň bahasyny 13–18 million dollar aralygynda çaklapdy. Netijede, ony çaklanylan iň ýokary baha golaý bahadan satmak başartdy. Indi bu surat Benksiniň häzire çenli auksionlarda satylan iň gymmat üçünji eseri boldy. Söwda bäsleşigine ýörite çagyrylan 70-e golaý myhman gatnaşdy. Suraty satyn alan adam öz bahasyny telefon arkaly hödürledi we onuň ady aýan edilmeýär.

Suratkeşiň iň meşhur eserleriniň biri 2018-nji ýylda Londonyň Sotheby’s auksionynda 1,042 million funt sterlinge satylan «Şarly gyzjagaz» suratynyň aýratyn nusgasy bolup galýar. Söwda tamamlanan badyna suratyň çarçuwasyna ýerleşdirilen ýörite şreder eseri bölekleýin ýok etmäge başlady.

Bu wakadan soň, eser täze — «Zibil bedresindäki söýgi» diýen ady aldy we soňra şol ýyrtylan görnüşinde 18 million funt sterlinge (satylan wagtyň hümmeti boýunça takmynan, 25,4 million dollar) gaýtadan satyldy. Şol ýylyň martynda bolsa «Painting for Saints» (ýa-da «Game Changer» — «Oýun üýtgediji») atly suraty 22,45 million dollara satyldy.

Bu gezekki auksion Reuters habarlar agentliginiň awtoryň hakyky şahsyýeti barada çap eden makalasyndan soňra geçirilen ilkinji söwdadyr. Agentligiň tassyklamagyna görä, Benksi – bu Bristol şäherinden bolan Robin Ganningem bolup, ol soň Dewid Jons adyny aldy. Suratkeşiň bähbitlerini goraýan Pest Control Office kompaniýasy bolsa bu maglumatlar barada teswir bermekden ýüz öwürdi.


04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

02.06.2026 20:32
7.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......