«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

  • 18.05.2026 00:06
  • 6.8k+

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen ýeke-täk klub boldy.

Iň soňky tapgyrda lissabonlylar «Antoniu Koimbra da Mota» stadionynda «Eştoril» toparyny 3:1 hasabynda utdy.

Milli çempionatyň 34 oýnunda «Benfika» 23 ýeňiş gazandy we 11 gezek deňme-deň oýnady. Ýeňlişsiz oýnandygyna garamazdan, klub jemi 80 utuk toplap, ahyrky ýaryş jedwelinde üçünji orny eýeledi. Ol deňme-deňlikde utuk ýitirmedik ýurduň çempiony «Portudan» (88 utuk) hem-de «Sporting» (82 utuk) toparyndan yza galdy.

Ozal KHBS Žoze Mourinýunyň portugal toparyndan gitjekdigi barada habar berdi. Bar bolan maglumatlara görä, hünärmen Madridiň «Real» toparynyň baş tälimçisi wezipesine dolanmaga ýakyn. «DN» neşirine beren interwýusynda Mourinýunyň özi bu soragy açyk galdyrdy.

«Hiç kim “Benfikany” meniň şertnamamyň möhletini uzaltmaga mejbur etmedi, şertnamadaky bir punkt bolsa, men şeýle çözgüt kabul etsem, maňa topardan gitmäge mümkinçilik berýär. Meniň prezidente garşy hiç hili nägileligim ýok. Häzirki wagtda “Benfikada” galmak ähtimallygym 99%-e deň, sebäbi meniň ýene bir möwsümlik şertnamam bar. Maňa “Benfikadan” şertnamany uzaltmak barada teklip geldi, ony entek görmedim, ýöne agentim onuň örän gowy teklipdigini aýtdy. “Real” barada aýdylanda, mende häzirlikçe hiç zat ýok, ýöne biziň hiç birimiz samsyk däl, bar bolan zat — agent Žorže Mendeş bilen klubuň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler» — diýip, Mourinýu aýtdy.

Portugaliýaly hünärmen 2010-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli «Reala» ýolbaşçylyk edipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......