Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýörite çempionlyk guşagy tanyşdyryldy

  • 09.05.2026 14:17
  • 12k+

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýeňijilerine gowşuryljak ýörite çempionlyk guşagynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 15-nji iýunda Waşingtonda geçiriljek bu bäsleşik ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanýar.

Dizaýny ABŞ-nyň milli baýdagynyň resmi reňklerine esaslanýan täze guşagyň esasy aýratynlygy, adaty UFC gysgaltmasynyň ýokarsynda ýerleşdirilen «250» belgidir.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň aýtmagyna görä, bu turnir Ak tamyň taryhyndaky iň uly sport çäresidir we tomaşaçylar üçin giriş doly mugt bolar.

«Meniň pikirimçe, bu Ak tamda geçirilen iň uly waka bolar. Adatça bu ýerde sport ýaryşlary geçirilmeýär. Bular dünýäniň iň güýçli çempionlary we iň ökde söweşijileridir» diýip, Yahoo Sports neşiri prezidentiň sözlerini getirýär.

Turniriň iň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk ugrundaky söweş bolar. Guşaga eýe bolmak üçin Ispaniýanyň we Gruziýanyň wekili Iliýa Topuriýa bilen amerikan söweşijisi Jastin Getži dalaş eder.

Prezident bilen duşuşyga Topuriýa we Getžiden başga-da ýaryşyň beýleki ýyldyzlary Aleks Pereýra we Siril Gan hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Topuriýa degşip, Donald Trampdan näme üçin öz dostuna (Getžä) beýle kyn synag taýýarlandygyny sorady. Ol bu henek arkaly, şol ýerdäki MMA ýyldyzlarynyň arasynda Getžiniň ýeke-täk amerikalydygyna üns çekmek isledi.


düýn 23:16
1.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
5.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....