99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

  • 29.05.2026 23:05
  • 5.4k+

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Kraudsýorfing (iňlisçe: crowd surfing — «mähelläniň içinde ýüzmek») — konsertlerde we festiwallarda adamyň tomaşaçylaryň elleri bilen kellesiniň üstünden geçirilýän hereketidir.

Sosial ulgamlarda «Gangster Granny» lakamy bilen tanalýan Kena agtygy Ross Smitiň wideolary arkaly meşhurlyk gazandy. Onuň «TikTok» hasabynda 25 milliona golaý adam bar. Mamasy bilen ilkinji wirusly wideoýazgylar baryp 2013-nji ýylda, Smitiň onuň basketbol zyňyşyny bloklaýan wideosyny çap eden wagty peýda bolupdy.

Rekord Texas ştatynyň Bellwill şäherinde kantri-aýdymçy Brentli Gilbertiň konsertinde goýuldy. Çykyş wagty aýdymçy Kenany sahnany çagyrdy, şondan soň tomaşaçylar ony ýörite gurluşda mähelläniň üstünden geçirdiler. Bu wagt köpçülik «Mama! Mama!» diýip gykylyklaşdy.

«Men muny etdim! Men ähli döwürleriň iň beýigi!» — diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyny alanyndan soň Kena mälim etdi.

Ross Smit rekordyň goýulmagyna gatnaşan 20 müňe golaý tomaşaça minnetdarlyk bildirdi.

«Mähelläniň «Mama!» diýip gygyrşyny eşidenimde, henizem inimi tikenekledýär. Bu örän meşhur we juda gülkünç pursat boldy» — diýip, ol belledi.

2022-nji ýylda Kena internetdäki garaşylmadyk meşhurlygyň özi üçin üýtgeşik tejribe bolandygyny gürrüň beripdi.

«Biziň döwrümizde ne telewideniýe, ne-de internet bardy, diňe radio bardy. Oflaýn durmuşda hiç kime mälim bolman, adamlar meniň adymy bilýän ýerine çenli ýol geçmek — bu iň gowy manyda hakyky tupan ýalydyr» — diýip, ol aýdypdy.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......