Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

  • şu gün 12:34
  • 838

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady.

Düzgünleşdiriji striming platformalarynyň, telewideniýäniň we kino önümçiliginiň bazarlarynda bäsdeşlik üçin hiç hili howpy ýüze çykarmandygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, rugsat almak üçin kompaniýadan Warner Bros. Discovery-nyň käbir aktiwlerinden ýüz öwürmek talap edilmedi.

Şertnamanyň düzümine kinostudiýalar, meşhur franşizalar üçin hukuklar, HBO striming hyzmaty we Warner Bros. Games oýun bölümçesi girýär.

Paramount kompaniýasy şertnamany resmileşdirmek işlerini sentýabr aýynyň ahyryna çenli tamamlamagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

«Şertnamany düýpli barlan Adalat ministrligine, şeýle hem öz barlaglaryny tamamlap, häzirki wagtda rugsat beren beýleki edaralaryň işine minnetdarlyk bildirýäris. Bu şertnama bäsdeşlige ýardam edýär, munuň netijesinde kompaniýa has güýçlener we pudakda agalyk edýän tehnologiýa platformalary bilen bäsleşmek üçin has gowy mümkinçiliklere eýe bolar. Biz häzirem şertnamany çalt tamamlamaga hem-de onuň artykmaçlyklaryny sarp edijilere, kontent döredijilere we umuman dynç alyş-güýmenje pudagyna ýetirmäge ünsümizi gönükdirýäris» – diýlip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, bu amal entek doly tamamlanmady. Birnäçe ştatlarda, şol sanda Kaliforniýada we Nýu-Ýorkda häkimiýetler bu birleşmä garşy çykyp, antimonopoliýa şikaýatlaryny taýýarlaýar.


13.06.2026 09:33
9.7k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......