Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa geçirmek üçin ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligine arza ýollady. Bu barada «New York Post» neşiri ýazýar.
Çybynlar dünýäde iň howply ýokanç kesel ýaýradyjylaryň biri hasaplanýar. Olar Günbatar Nil gyzzyrmasyny, Zika wirusyny, Denge gyzzyrmasyny, çikungunýany, sary gyzzyrmany we beýleki birnäçe howply keselleri ýaýradýar.
Taslamanyň çäginde «Culex quinquefasciatus» görnüşli erkek çybynlaryna «Wolbachia pipientis wAlbB» bakteriýasyny ýokuşdyrmak meýilleşdirilýär. Tebigata goýberilenden soň, şeýle erkek çybynlar urkaçy çybynlar bilen jübütleşer, ýöne olardan ýaşaýşa ukyply nesil peýda bolup bilmez. Bu usul kem-kemden çybynlaryň umumy sanyny azaltmaga mümkinçilik berer diýlip çak edilýär.
Mör-möjekleri tebigata goýbermek işini iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn geçirmek teklip edilýär. Şeýle çemeleşme maksatnamanyň netijelerine yzygiderli gözegçilik etmäge we zerur bolan ýagdaýynda strategiýany üýtgetmäge şert döreder.
Florida-Kisdäki dezinfeksiýa okrug merkeziniň wekili Çad Haff bu başlangyja oňyn baha berdi.
«Bu ýagdaý çybynlaryň sanynyň azalmagyna getirip biler. Muny ozal barlap görenler hem edil şu maksada ýetmek isleýär — ýagny bir çybyny beýleki bir çybyna garşy göreşmegiň guraly hökmünde ulanýar» – diýip, Haff belledi.
Jemgyýetçilik pikirleri bolsa dürli-dürli boldy. Ýaşaýjylaryň bir bölegi ýokanç kesellerden bolýan ölümi azaltmagyň ýoly hökmünde bu taslamany goldasa, beýlekiler bu usuly ilki bilen başga sebitlerde synap görmegi teklip edýär.
Bu başlangyç çybynlaryň sanyna gözegçilik etmek tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak üçin on ýyldan gowrak wagt ozal işe girizilen Google Debug taslamasynyň çäginde durmuşa geçirilýär. Kompaniýa mundan ozal Kaliforniýanyň Fresno şäherinde geçirilen synaglaryň üstünlikli bolandygyny habar beripdi. Neşir edilen netijelere görä, tejribe geçirilen ýerlerde urkaçy çybynlaryň sany 95,5%, has çetleşdirilen zolaklarda bolsa 99% azaldy.
ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi taslama boýunça jemgyýetçilik pikirlerini 5-nji iýuna çenli kabul eder, şondan soň bolsa arzany goldamak ýa-da ret etmek barada gutarnykly çözgüt çykarar.