ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

  • 12.05.2026 20:41
  • 13k+

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol bermezlige çagyrýarlar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Muňa Trampyň ýanwar aýynda Detroýtda eden çykyşy sebäp boldy, ol çykyşynda hytaýly awtoulag öndürijileriň ABŞ-da zawodlaryny gurmaklarynyň mümkindigi baradaky meseläni gozgady. Bu sözler pudakda alada döretdi, sebäbi pudak ýyllarboýy elektrik awtoulaglaryna ýokary salgytlar we maglumatlary goramak boýunça berk düzgünler arkaly hytaýly awtoulaglaryň importyna berk çäklendirmeleriň girizilmegini gazanyp gelýärdiler.

Awtoulag senagaty we syýasatçylar Trampyň Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen boljak duşuşygyny hytaý brendleriniň Amerikanyň sergi zallaryna gapysyny açjak ýa-da pudaga hytaýly maýa goýumlarynyň goýulmagyna mümkinçilik berjek islendik ylalaşygy araçylyk etmek üçin ulanmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Demokrat senator Elissa Slotkin prezidenti "erbet ylalaşyk baglaşmazlyga" çagyrdy we maglumat toplamagyň töwekgelçilikleri sebäpli Hytaýda öndürilen awtoulaglary gadagan etmek baradaky iki partiýaly kanun taslamasyny goldady. Kanun taslamasynyň awtorlary häzirki zaman awtoulaglarynyň ýerleşýän ýerlerini, hereketlerini, adamlary we infrastrukturany hakyky wagt režiminde bellige alýan "maglumat toplaýan maşynlardygyny" nygtaýarlar.

Wekiller öýünde 74 demokrat we 52 respublikan Hytaý brendleriniň bazara girmegine päsgel bermegiň tarapdary hökmünde çykyş etdiler. Bu meselede pudakda seýrek agzybirlik bar.

Mart aýynda awtoulag öndürijileriniň, dilerleriniň we bölek şaýlary öndürijileriň birleşikleri prezidentiň administrasiýasyna ABŞ-nyň bäsdeşlige ukyplylygyna, milli howpsuzlygyna we ýurduň senagat binýadyna howp abanýandygy barada duýduryş hatyny iberdiler.

Hytaý brendleriniň Ýewropada we Meksikada ösmegi pudagyň aladalaryny has-da artdyrýar. Geçen ýyl Hytaý brendleriniň Ýewropadaky paýy 6% -e çenli ýokarlandy. Meksikada eýýäm otuz dört sany Hytaý awtoulag brendi satylýar, Hytaý kompaniýalary awtoulag bazarynyň takmynan 15% -ini eýeleýär.

Şol bir wagtyň özünde Amerikanyň bazary has-da ejiz, sebäbi ABŞ-da täze awtoulagyň ortaça bahasy 51 000 dollardan geçýär. Hytaý modelleri has arzan we elýeterli awtoulaga isleg çökgünligi döwründe alyjylary çalt özüne çekip biler.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......