«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

  • 16.05.2026 20:02
  • 12k+

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi.

«Synaglardan we yhlasly zähmetden doly dört ýyldan soň, öňe tarap hereket etmegiň wagty geldi. Men bu ýerden öz wezipämi ýerine ýetiren hökmünde gidýärin. Dört möwsüm, üç çempionlyk tituly. Men ilkinji günlerden bäri janköýerlerden alan söýgimi hiç wagt unutmaryn. Kataloniýa — meniň öýüm. Bu ajaýyp dört ýylyň dowamynda duşan ähli adamlaryma sagbolsun aýdýaryn. Maňa karýeramdaky iň haýran galdyryjy sahypany başdan geçirmäge mümkinçilik berendigi üçin prezident Laporta aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. “Barsa” özüniň mynasyp ýerine dolandy» — diýip, futbolçy sosial torlarda ýazdy.

Oýunçynyň habaryndan soň, «Barselona» hem resmi ýüzlenme çap etdi.

«Ýyldyz bolup geldiň — rowaýata öwrülip gidýärsiň. Robert Lewandowski, bu reňklerde geçiren her bir goluň, her bir göreşiň we her bir jadyly pursatyň üçin saňa sagbolsun aýdýarys. “Kules” ebedi» — diýlip, klubuň habarynda bellenilýär.

Polşaly hüjümçi 2022-nji ýylyň tomsunda «Barselona» geçipdi. Bu döwürde 37 ýaşly hüjümçi ähli ýaryşlarda jemi 191 oýna gatnaşyp, 119 gol geçirdi we 24 assist etdi.

Katalon klubunyň düzüminde Lewandowski üç gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň üç gezek Superkubogyny we bir gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......