Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

  • 09.05.2026 17:44
  • 10k+

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular.

Meteored meteorologiýa kompaniýasynyň habaryna görä, bu howa şertleri birden üýtgän mahalynda ýüze çykýan  silindr görnüşli kese bulut bolan wolýutus” diýlip atlandyrylýan hadysadyr.

Şaýatlaryň aýmagyna görä, birnäçe minutyň içinde asman garalyp, deňizde tolkun bolupdyr we asuda howanyň ýerine güýçli ýel turup başlapdyr. Dynç alýanlaryň köpüsi tupandan gorkup, kenardan gidipdirler.

San-Paulu ştatynyň raýat goranyş gullugy bu hadysanyň "güýçli ýelleriň fronty" diýlip atlandyrylýan ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Ol çabganyň ojagyndaky sowuk howa ýer bilen çaknyşanda we ýyly, çygly howany ýokaryk gysyp çykaranda emele gelýär. Netijede, görer göze hereket edýän tolkuna meňzeýän dik bulut emele gelýär.

Bilermenler wolýutusyň tornadodan ýa-da tüweleýden tapawutlanýandygyny we güýçli ýel bilen utgaşýan hem bolsa, zyýan ýetiriji güýjüniň ýokdugyny nygtadylar. Meteorologlaryň maglumatlaryna görä, kenarýaka boýunça ýeliň tizligi sagatda 60 kilometre ýetipdir.

Bu hadysanyň iň meşhur mysallarynyň biri Awstraliýanyň Karpentariýa aýlagy sebitinde yzygiderli syn edilýän Morning Glory buludydyr. Ol ýerde onuň uzynlygy 1000 kilometre ýetip bilýär.


20.06.2026 14:57
6.6k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....