«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

  • şu gün 10:08
  • 714

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine getirdi. Häzirki wagtda howp zolagynda 3 milliona golaý ýaşaýjy bar.

​Tupan Tehas ştatynyň Galweston şäheriniň golaýynda emele geldi we onuň şemalynyň iň ýokary durnukly tizligi sagatda 72 kilometre ýetdi. Fox Weather gullugynyň berýän maglumatyna görä, kenarýaka sebitlerde tolkunlaryň belentligi 1 metre çenli ýetdi.

​Soňra «Arturyň» derejesi post-tropik siklon ýagdaýyna çenli peseldildi, ýöne güýçli ýagyşlaryň we duýdansyz sil suwlarynyň gelmek howpy heniz hem saklanýar. Harasatlary öwrenmek boýunça milli merkez sebitlere 127-den 254 millimetre çenli, käbir ýerlerde bolsa 508 millimetre çenli ýagyş ýagmagyna garaşylýandygyny çaklaýar. Tebigy apatyň täsir zolagynda Tehasyň merkezi we demirgazyk kenarýakalary, Luiziananyň uly bölegi, şeýle hem Missisipi we Alabanyň käbir sebitleri ýerleşýär.

​Ueýko şäherinde güýçli ýagyşlar ştatlarara «I-35» awtomagistralyny suw astynda galdyrdy, Boerne şäherinde bolsa aşa köp ýagan ýagyş sil suwlaryna sebäp boldy. Missisipi ştatynda suw joşguny sebäpli öý guşlary heläk boldy.

Görülen çäreler we howp astyndaky şäherler:

Tehasyň gubernatory Greg Ebbott ştatyň 101 sany etrabynda adatdan daşary ýagdaý rejimini yglan etdi we ýaşaýjylary suw basan ýollar arkaly hereket etmezlige çagyrdy. Iň çarkandakly we kyn ýagdaýa Baton-Ruž, Täze Orlean (New Orleans) we Morgan-Siti şäherlerinde garaşylýar, sebäbi bu ýerlerde uly göwrümli suw basmalarynyň döreme töwekgelçiligi ýokary.

Degişli hünärmenler Meksika aýlagynyň kenarýakasyndaky sil howpunyň hepdäniň ahyryna deňiç saklanjakdygyny duýdurýarlar.


17.06.2026 11:34
5.4k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......