2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

  • 10.05.2026 13:00
  • 12k+

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara gutusynyň) maglumatlaryny aýan etdi.

Hasabata görä, uçaryň aşak gaçmagy hereketlendirijilere ýangyjyň berilmeginiň mejbury öçürilmegi sebäpli bolup geçipdir: degişli ryçaglar el bilen «öçürilen» ýagdaýyna geçirilipdir we olary hatda gaýtadan işjeň ýagdaýa getirmek üçin hiç hili synanyşyk edilmändir.

Kunminden Guançžou şäherine uçuş wagty daglyk ýerde bolup geçen heläkçiligiň netijesinde uçaryň bortundaky 132 adamyň — 123 ýolagçynyň we 9 ekipaž agzasynyň hemmesi heläk boldy. Mundan ozal Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirligi (CAAC) bu wakanyň bilgeşleýin edilen bolmagy baradaky çaklamalary inkär edip, jikme-jik maglumatlary bermekden saklanypdy.

Maglumatlary aýan etmek baradaky kanunyň (FOIA) çäginde çap edilen täze maglumatlara görä, 8800 metrden gowrak belentlikde hereketlendirijileriň ikisine-de ýangyjyň berilmegini dolandyrýan ryçaglar «öçürilen» ýagdaýyna geçirilipdir. Bu hem hereketlendirijileriň tizliginiň we çekiji güýjüniň şol pursatda peselmegine getiripdir. CNN-iň awiasiýa analitigi Dewid Susiniň bellemegine görä, hereketlendirijileri täzeden işletmek synanyşygynyň bolmazlygy gönüden-göni uçarmanlaryň kabinasynda bilgeşleýin hereketleriň edilendigini görkezýär.

Uçaryň bilgeşleýin ýere gönükdirilendigi baradaky çaklama ilkinji gezek 2022-nji ýylda peýda bolupdy. Şonda «The Wall Street Journal» neşiriniň žurnalistleri öz çeşmelerine salgylanyp bu barada ýazypdy, ýöne munuň uçarmanlaryň biri tarapyndan edilendigi ýa-da kabinada başga biriniň bolandygy näbelliligine galdy.

Şol wagt resmi Pekin bu maglumaty tassyklamandy.

Gara gutynyň seljermesine görä, uçarmanlaryň biri uçary dogrulamaga çalşypdyr, beýlekisi bolsa laýneri dikligine aşaklygyna gönükdiripdir. Heläkçilikden az wagt öň iki hereketlendiriji we awtopilot hem öçürilýär. Ekipaž kömek sorap hiç hili signal bermändir. Mundan başga-da, Hytaýyň awiasiýa edaralary uçarda tehniki näsazlygyň hiç hili alamatlaryny tapmady.

Derňewiň häzirki netijeleri ABŞ-nyň we Hytaýyň hünärmenleriniň bilelikdäki işi netijesinde elýeterli boldy. Amerikaly hünärmenler derňew işine heläkçilige uçran uçaryň Amerikanyň Boeing korporasiýasy tarapyndan öndürilendigi sebäpli goşuldy.


düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......