Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

  • 12.05.2026 07:19
  • 18k+

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr.

Täze açyş «Zoosystematics and Evolution» žurnalynda çap edildi. Gözleg işleri Günorta Hytaýyň Guansi-Çžuany awtonom raýonyndaky «Huapin» milli tebigy goraghanasynyň biodürlüligini öwrenmek taslamasynyň bir bölegi boldy. Işlere Guansi tebigat taryhy muzeýiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýylanyň uzynlygy 20 santimetrden biraz gowrak. Onuň inçe goňur göwresi bolup, arkasynyň dowamynda ýedi sany garamtyl we üzük-kesik zolagy bar. Göwresindäki teňňeleriň gyrasynda bolsa tor şekilli nagşy emele getirýän goýy reňkli tegmiller ýerleşýär.

Barlagçylaryň maglumatyna görä, bu görnüş esasan gijelerine işjeň bolup, ýarym ýerasty durmuş ýörelgesini alyp barýar. Olar 760 metr belentlikdäki ýasy ýaprakly tokaýlarda, ýapraklaryň aşagynda, toprakda we gaýa jaýryklarynda bukulyp ýaşaýarlar.

Onuň esasy iýmitini ýer gurçuklary we mör-möjekleriň ýumşak göwreli liçinkalary düzýär.

Howp abanan wagty ýylan göwresini «sekizlik» (8) şekiline getirýär ýa-da togalak guýrugyny ýokary galdyryp, ikinji kelläniň şekilini döredýär. Alymlar bu görnüşiň zäherli däldigini we hiç hili agressiwlik görkezmeýändigini belleýärler.

Bu açyş «Huapin» goraghanasynda 2026-njy ýylda edilen ikinji uly täzelikdir. Mundan ozal ol ýerde «Leptobrachella cathaya» atly gurbaga görnüşi hem tapylypdy.


20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....