Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu görkeziji biosferanyň 1 milliard ýyldan hem az ömrüniň galandygyny çaklan öňki hasaplamalardan has gowy bolup çykdy.
Uzak möhletleýin üýtgeşmeleriň esasynda iki sany şertiň özara gapma-garşylygy ýatyr. Bir tarapdan, Günüň ýagtylygy we gyzgynlygy wagtyň geçmegi bilen gutulgysyz ýagdaýda artýar. Beýleki tarapdan bolsa, planeta geologik uglerod aýlanyşygy görnüşindäki içki «termostatyny» işe girizýär: howa gyzanda ýagyş suwy silikat jynslaryny çalt dargadyp başlaýar, munuň netijesinde bolsa suw damjalary bilen gaýdan kömürturşy gazy jynslardaky himiki elementler bilen işjeň baglanyşyp, çökündilere siňýär. Bu proses Ýeri sowadýar, emma şol bir wagtyň özünde atmosferany ösümlikleriň ýaşamagy üçin zerur bolan kömürturşy gazyndan mahrum edýär.
Barlagçylar wakalaryň ösüşiniň iki sany aňrybaş derejesini hasaplady:
- CO2 derejesiniň pese gaçmagy. Eger planeta kömürturşy gazynyň konsentrasiýasyny azaltmagyň hasabyna häzirki temperaturasyny saklap galsa, onda 1 milliard ýyldan soň onuň derejesi 34 ppm-e çenli, 2 milliard ýyldan soň bolsa 1 ppm-den hem aşak düşer. Ösümlikleriň köpüsi bu görkeziji 150 ppm-den aşak düşende solup başlaýar, iň çydamlylary bolsa 3–10 ppm derejede guraýar. Netijede, köpçülikleýin gyrylma 1,35–1,64 milliard ýyldan soň başlar, 1,84 milliard ýyl çägine ýetilende bolsa gury ýerdäki flora dolulygyna ýok bolar.
- Temperaturanyň ýokarlanmagy. Eger CO2 konsentrasiýasyny häzirki wagtda bar bolan 400 ppm derejesinde saklasak, onda esasy duşman Günden gelýän yssylyk bolar. Bu ýagdaýda ösümlikleriň fiziologiýasy üçin howply bolan temperatura çäginden 1,68 milliard ýyldan soň geçiler, 1,87 milliard ýyla çenli bolsa gury ýer ekoulgamlary gutarnykly weýran bolar.
Möhletleriň has uly tarapa üýtgemegi klimat parametrleriniň has takyk hasaba alynmagy we jynslaryň dargamagynyň yssylyga nähili reaksiýa berýändigine täzeden seredilmegi netijesinde mümkin boldy.
Alymlar bir zady aýratyn belleýär: ösümlikleriň ewolýusiýasy ýa-da geoinženerçilik tehnologiýalary (atmosferanyň serpikdiriş ukybyny üýtgetmek ýa-da orbitany sazlamak ýaly) bilen ýokary ösen siwilizasiýanyň ähtimal peýda bolmagy bu möhletleri has-da uzaldyp biler.
Global nukdaýnazardan seredilende bolsa, şeýle hasaplamalar astrobiologlara beýleki ýyldyzlaryň daşyndaky ekzoplanetalarda ýaşaýyş mümkinçiliklerine baha bermäge kömek edýär.