«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

  • 11.05.2026 07:18
  • 10k+

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Gollary Markus Reşford (9-njy minut) we Ferran Torres (18-nji minut) öz hasaplaryna ýazdy.

Oýnuň öňüsyrasynda «Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Fligiň kakasynyň aradan çykandygy belli boldy, ýöne nemes hünärmeni bu duşuşygy sypdyrmazlyk kararyna geldi.

Bu ýeňişden soň «Barselona» 91 utuk toplady we möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda iň ýakyn bäsdeşi üçin elýetmez boldy. Ikinji ýerde barýan «Realda» 77 utuk bar.

Katalon kluby yzygider ikinji möwsüm we öz taryhynda 29-njy gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Topar bu tituly ilkinji gezek «Real» bilen gönümel duşuşykda resmileşdirdi.

«Real» bu ýaryşda 36 gezek ýeňiş gazanyp, rekordy elinde saklaýar.

Indi bolsa «El-Klasikonyň» tutuş taryhyndaky şahsy duşuşyklarda taraplaryň arasynda deňlik ýüze çykdy –iki topar hem 106 gezek ýeňiş gazandy. Ýene 52 duşuşyk bolsa deňme-deň tamamlandy.


düýn 22:49
3.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......