Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

  • 09.05.2026 00:32
  • 11k+

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi.

«Speedline» neşiriniň berýän maglumatyna görä, Meta platformany arassalamak maksady bilen işjeň däl akkauntlary, spam-akkauntlary we botlary bozup aýyrmak boýunça uly kampaniýa geçirýär. Bu çäre kontent babatda syýasaty güýçlendirmek, hakyky akkauntlara bolan ynamy ýokarlandyrmak we Instagram-da emeli usul bilen işjeňligi artdyrmak tejribesine garşy durmak meýilnamasynyň bir bölegi hökmünde görülýär.

Şeýle çäräniň netijesinde, esasan, Ronaldunyň agzalary azaldy. Hasaplamalara görä, arassalaýyş işlerinden soň portugaliýaly ýyldyz, takmynan, 18 million agzasyny ýitirdi. Muňa garamazdan, Ronaldu henizem 664 million agzasy bilen dünýä boýunça Instagram-da iň meşhur adam bolmagynda galýar.

Şol bir wagtyň özünde, Messi hem 10 milliona golaý agzasyny ýitirdi. 2022-nji ýylyň dünýä çempionynyň Instagram hasabynda ozal 515 million adam bardy, barlaglardan soň bolsa bu san, takmynan, 505 milliona düşdi.

Bu ýagdaý Mbappeden hem sowa geçmedi, ýöne onuň ýitgisi beýlekiler bilen deňeşdirilende az boldy. «Real Madridiň» hüjümçisiniň 840 000-e golaý agzasyny ýitirendigi habar berilýär.

Hünärmenler bu ýagdaýyň futbol ýyldyzlarynyň meşhurlygyny ýitirýändigini aňlatmaýandygyny belleýär. Çünki, ýiten agzalaryň agramly bölegi galp ýa-da işjeň däl akkauntlardyr.


20.06.2026 20:19
15k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

19.06.2026 19:38
655

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......