Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

  • 12.05.2026 23:00
  • 13k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň Kriştianu Ronaldunyň milli ýygyndy üçin iň soňky çykyşy bolup biljekdigi bilen baglydyr.

Duşuşyk 27-nji iýunda Maýamidäki «Hard Rock Stadium» stadionynda geçiriler. The New York Times neşiriniň «TicketData» maglumatlaryna esaslanyp ýazmagyna görä, bije çekişligiň netijeleri yglan edileninden soň, iň arzan petekleriň bahasy bir sagatdan hem az wagtyň içinde 400 dollardan 2 müň dollara çenli gymmatlady.

Häzirki wagtda alyp-satarlaryň bazarynda iň arzan petegiň bahasy takmynan 2500 dollara deňdir. Geçen ýylky «Superboul» oýunlaryna petekleriň ortaça bahasy 2109 dollar bolupdy.

Portugaliýa – Kolumbiýa duşuşygy eýýäm turniriň toparça tapgyryndaky iň gymmat oýun hökmünde hasaba alyndy. Bahalar boýunça ol diňe dünýä çempionatynyň finalyndan yza galýar (final petekleriniň bahasy 8400 dollardan başlanýar).

Portugaliýanyň ýygyndysy toparça tapgyrynda Kongo Demokratik Respublikasy we Özbegistan bilen hem bäsleşer. Eger komanda pleý-off tapgyryna çykyp bilmese, Kolumbiýa bilen boljak oýun Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky duşuşygy bolar.

Bu oýna bolan islegiň ýokarylygynyň ýene bir sebäbi, iki toparyň hem FIFA-nyň reýtinginde ilkinji 15-lige girmegidir. Şeýle hem, Floridada örän uly kolumbiýaly diasporasynyň ýaşamagy duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrýar.


şu gün 14:15
3.1k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......