Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

  • 17.05.2026 20:11
  • 4.4k+

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi.

«“Çelsi” — dünýä futbolynyň iň uly klublarynyň biri, şonuň üçin bu beýik klubuň tälimçisi bolmak maňa uly buýsanç getirýär. Klubuň eýeleri we sport ýolbaşçylary bilen geçiren gürrüňdeşligimizden soň, biziň maksatlarymyzyň birdigi aýdyň boldy. Biz iň ýokary derejede durnukly çykyş etmäge we kuboklar ugrunda göreşmäge ukyply topary döretmek isleýäris. Toparda zehinli oýunçylar köp we klubuň mümkinçilikleri örän uly, oňa ýolbaşçylyk etmek meniň üçin uly mertebe bolar» — diýip, Alonso aýtdy.

Mundan öň 44 ýaşly tälimçi Lewerkuzeniň «Baýerine» ýolbaşçylyk edipdi we topar bilen ilkinji gezek möwsümi ýeňlişsiz tamamlap, Germaniýanyň çempiony boldy, şeýle hem ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Geçen ýylyň maý aýynda ol Madridiň «Real» toparyna baş tälimçi bolup geçdi we şu ýylyň 12-nji ýanwarynda ol ýerdäki wezipesinden boşadyldy.

Häzirki wagtda «Çelsiniň» baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn iňlis Каlum Makfarleýn ýerine ýetirýär. London kluby häzirki möwsümiň gidişinde italýan Enso Mareskany (1-nji ýanwar) we iňlis Liam Rosenýory (22-nji aprel) wezipeden aýyrdy.


düýn 14:33
9.7k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......