Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

  • 15.05.2026 14:43
  • 11k+

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox News» telekanalynyň ýaýlymynda habar berdi.

«Şu gün ol [Si Szinpin] bir zada — 200 sany uçary sargyt etmäge razy boldy. Bu örän çynlakaý çözgüt, 200 sany uly uçar. Bu köp sanly iş orunlaryny aňladýar» – diýip, Tramp belledi. Onuň aýtmagyna görä, Boeing, takmynan, 150 sany uçar satmagy meýilleşdiripdi.

«Fox News» neşiriniň bellemege görä, Boeing on ýyla golaý wagt bäri Hytaýdan iri sargytlary kabul etmändi. Bu döwürde Pekin Ýewropanyň «Airbus» kompaniýasynyň uçarlaryny işjeň satyn alypdy.

Muňa garamazdan, analitikler Trampyň Hytaýa bolan saparynyň netijesinde has uly şertnama garaşypdy. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, Jefferies maýa goýum kompaniýasy 500 uçaryň sargyt edilmegini çaklapdy.

Şertnama baradaky habarlaryň fonunda, 14-nji maýda geçirilen söwdalarda Boeing kompaniýasynyň paýnamalary 4,1 göterim aşak düşdi.

Boeing kompaniýasynyň prezidenti Kelli Ortberg birnäçe amerikan işewürleri bilen bilelikde Trampyň Hytaýa amala aşyran saparyna goşuldy. Wekiliýetiň düzümine Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk, Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang, şeýle hem Meta, BlackRock, Goldman Sachs, Visa we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem girdi.

«Olar şu gün size we Hytaýa bolan hormatyny bildirmek üçin şu ýerde. Olar üstünlikli işewürlik gatnaşyklaryna umyt bildirýär we biz hem öz tarapymyzdan muny goldaýarys» – diýip, Tramp HHR-iň Başlygy Si bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy.


düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......