Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

  • 04.06.2025 16:10
  • 10k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy.

17 ýaşly oýunçynyň katalon kluby bilen 27-nji maýda baglaşan täze şertnamasy 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Ýanwar aýynda Ýamalyň bahasy 108,3 mln ýewrody.
Şeýle-de, CIES boýunça iň gymmat futbolçylaryň ilkinji onlugyna şular girdi:

  • ·Erling Holand (“Mançester Siti”, €239,6 mln)
  • ·Jud Bellingem (“Real”, €233,8 mln)
  • ·Kilian Mbappe (“Real”, €192,5 mln)
  • ·Jamal Musiala (“Bawariýa”, €154,8 mln)
  • ·Pedri (“Barselona”, €143,7 mln)
  • ·Winisius Žunior (“Real”, €130,4 mln)
  • ·Koul Palmer (“Çelsi”, €126,5 mln)
  • ·Hulian Alwares (“Atletiko”, €126 mln)
  • ·Florian Wirs (“Baýer”, €122,3 mln).

CIES futbolçylaryň transfer bahasyny öz algoritmi boýunça hasaplaýar, ol şertnamalarda görkezilen satyn almak üçin tölegi göz öňünde tutmaýar.
Lamin Ýamal geçen tomus geçirilen Ýewropa çempionatynyň iň gowy ýaş oýunçysy diýlip ykrar edildi we ýaryşyň taryhynda iň ýaş futbolçy we gol awtory boldy. Şol ýaryşda Ispaniýa ýeňiji boldy.
Ýamal 2024-nji ýylyň noýabrynda Ýewropanyň iň gowy ýaş oýunçysy hökmünde Golden Boy baýragyny aldy.
Ol geçen möwsüm “Barselona” üçin 55 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we 25 assist etdi. Klub Ispaniýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....