Ýamal “Barselonada” geçen möwsümiň iň gowy oýunçysy hökmünde baýrak aldy

  • 26.01.2025 14:09
  • 6.2k+

“Barselonanyň” 17 ýaşly gyraky hüjümçisi Lamin Ýamal geçen möwsümde klubuň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu mynasybetli ol Aldo Rowira adyndaky baýrak bilen sylaglandy diýip, katalon klubunyň resmi saýty habar berýär.

Ispaniýaly futbolçy bu baýragy ilkinji gezek aldy. Baýragyň sany boýunça rekord “Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messä degişli. Onuň hasabynda şular ýaly alty baýrak bar.
Kataloniýa klubunda geçen möwsümiň iň gowy zenan futbolçysy ýarymgoragçy Aýtana Bonmati boldy. Ýeňiji dürli neşirleriň žurnalistlerinden ybarat bolan emin agzalary tarapyndan kesgitlendi.
Geçen möwsümde Ýamal klub derejesinde ähli ýaryşlarda 50 oýna gatnaşdy. Ol ýedi gol we dokuz assist bilen tapawutlandy.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....