«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady

  • 01.05.2025 12:09
  • 10k+

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Barselona» öz meýdançasynda Milanyň «Interi» bilen 3:3 hasap bilen deňme-deň oýnady.

Duşuşygyň geçirilmegi Ispaniýada ýurt möçberinde giň gerimli tok öçüşlik sebäpli sorag astynda boldy. Emma näsazlyklar düzedilip, duşuşygy geçirmäge mümkinçilik berildi. «Inter» ilkinji hüjümde - 30-njy sekuntda hasaby açdy. Markus Týuramyň girizen goly ÇL-niň ýarym final tapgyrynyň taryhynda iň çalt gol boldy. Fransiýaly futbolçy Woýseh Şesniniň derwezesine topuk bilen owadan urgudan gol geçirdi.
21-nji minutda Denzel Dumfris «Interiň» artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.
Emma italýan kluby duşuşygyň birinji ýarymy tamamlanýança iki gol artykmaçlygyny saklap bilmediler – "Interiň" ikinji golundan 3 minut soňra 17 ýaşly Lamin Ýamal ýek-özi oýunçylardan geçip, derwezäniň ştangasyna degrip, gol geçirdi. Ol Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda gol geçiren taryhda iň ýaş futbolçy boldy. Birnäçe minutdan soň ol ikinji goluny geçirmäge ýakyn bardy, ýöne «Interiň» derwezebany Ýan Zommeriň tagallalary bilen top direge degip yzyna gaýtdy. «Barselona» 38-nji minutda Ferran Torresiň goly bilen hasaby deňledi.

Duşuşygyň ikinji 45 minudy hem gyzgalaňly boldy. 64-nji minutda Dumfris dubl etdi. «Barselona» ýene-de dessine jogap berdi - bir minutdan Rafinýa uzakdan güýçli urgusy bilen topy derwezä gönükdirdi. Top derwezebanyň arkasyna degip, derwezä girendigi sebäpli soňra bu gol awtogol hökmünde Zommeriň adyna ýazyldy.
Duşuşygyň gutarnykly hasaby – 3:3.
Finala çykjak kluby kesgitlejek jogap duşuşyk 7-nji maýa geçilýän gije Milanda geçiriler. Bir gün soňra bolsa myhmançylykda «Arsenaly» 1:0 hasap bilen ýeňen «Pari Sen-Žermen» «kanonirleri» Fransiýada kabul eder.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......