“Barselona” toý tutýar: ýeňiş ýörişi 670 müň adamy ýygnady

  • 17.05.2025 16:42
  • 14k+

16-njy maýda agşam “Barselona” futbol kluby şäheriň köçeleri bilen çempionlyk ýörişini geçirdi. Oýunçylar we tälimçiler ştaby üsti açyk iki gatly awtobusda Kataloniýanyň paýtagtyna aýlandy.

Ýöriş ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başlady. Futbolçylary jemlän awtobus “Kamp Nou” stadionyndan hereket edip başlady we birnäçe duralga bilen öňünden kesgitlenen ugur boýunça ýöredi. Janköýerler oýunçylary aýdymlar we şowhunlar bilen garşy aldy.
Hereket şäheriň iň belli binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan Triumf arkasynda tamamlandy. Bu ýere topar 21:00-a geldi.

RTVE-niň maglumatlaryna görä, Barselonanyň köçelerine azyndan 670 müň adam çykdy.
Şeýle köpçülikleýin baýramçylygyň sebäbi toparyň 2024/2025-möwsüminde gazanan üç ýeňşi boldy – “Barselona” La Ligada 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony titulyny, şeýle-de Ispaniýanyň kubogyny we Superkubogyny aldy.
Milli çempionatda çempionlygy “Barselona” 16-njy maýda “Espanýol” bilen oýunda utandan soň, möhletinden ir gazandy. Topar 2:0 hasabynda utup, möwsümiň ahyryna iki tapgyr galanda çempion titulyny üpjün etdi.




düýn 15:58
8.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......