"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi

  • 16.11.2025 17:43
  • 7.7k+

"Barselonanyň" prezidenti Joan Laporta katalon klubunyň Madridiň "Realy" bilen arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlylygyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, "Realyň" Negreýra bilen bagly dawaly işe goşulmagy sebäpli ýagdaý ýitileşdi.

"Biz hiç wagt nikalaşmandyk, şonuň üçin aýrylyşmak mümkin däl.
"Realyň" Negreýraly işe gatnaşýandygy sebäpli gatnaşyklar gowy däl. Olar ähmiýetsiz we ygtybarly bolmadyk delilleri getirýärler. Işiň açylmagy olarda gyzyklanma döretdi. Bu bize ýaramaýar we ýagdaý dartgynly. Biz ebedi bäsdeşler we bu gatnaşyklara hormat bilen garaýarys," – diýip, Laporta Catalunya Ràdio-a beren interwýusynda aýtdy.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylda "Barselona" we onuň ýolbaşçylygy Ispaniýanyň Korollyk futbol federasiýasynda işlän eminleriň tehniki komitetiniň öňki wise-prezidenti Hose Mariýa Enrikes Negreýra tölegler etmek arkaly parahorlukda aýyplanypdy. Ýakynda, Negreýranyň ogly Hawýer Enrikes, şeýle hem "Barselonanyň" öňki prezidentleri Sandro Rosell we Hosep Bartomeu ýaly işiň birnäçe jikme-jikligi bilen bagly şahslar kazyýetde görkezme berdiler.

Başga möhüm temalardan

Laporta interwýu mahalynda katalon klubunyň Ispaniýanyň çempionatynyň "Willarreal" bilen oýnuny ýurduň daşynda, Maýamide geçirmek meýilnamalary sebäpli dörän goh-galmagy hem gozgady. "Barselonanyň" prezidenti, klubuň başda Ispaniýanyň futbolçylar assosiasiýasyndan we beýleki klublardan garşylyk çekendigini belledi. Netijede, bu pikirden ýüz öwürmeli boldular.
Lionel Messiniň kluba dolanyp gelmek mümkinçiligi baradaky soraga jogap berip, Laporta şeýle diýdi: "Biz ony bu ýerde gowy görýäris. Bu onuň öýi we ol muny bilýär. <…> [Messiniň gitmegi] hemmämiziň isleýşimiz ýaly bolmady, emma şol pursatda başgaça etmek mümkin däldi. Eger Messä hormat goýmak dabarasy muny düzedip bilse, biz şat bolardyk." Şeýle-de, ol "Leonyň "Barselona" oýunçysy hökmünde dolanyp gelmegi barada gürrüň etmek hakykata laýyk däl" diýip goşdy.
18 ýaşly winger Lamin Ýamalyň durmuş ýörelgesi baradaky soraga, "gök-narynçlaryň" prezidenti aladalanmaga sebäbiniň ýokdugyny belledi.

"Ol 18 ýaşynda durmuşdan lezzet alýar, ýaşyna görä örän ýetişen. Onuň durmuş ýörelgesi meni asla aladalandyrmaýar. Oňa gorag we goldaw gerek: bizden we töweregindäkilerden. Ol köp zatlara duş geldi we ählisindengowy baş alyp çykýar. Ol professional we hemmelerden köp maşk edýär. <…> Lamin – genial, we biz onuň ösüşine dogry ýol görkezmelidiris. Ol entek öz iň ýokary derejesine ýetmedi. Ýamal öz pozisiýasynda dünýäniň iň gowy oýunçysydyr".

Laporta baş tälimçi Hans-Diter Fligiň klub bilen şertnamasyny uzatjakdygyna ynam bildirdi. Nemes tälimçisi 2024-nji ýylyň tomsunda "Barsanyň" başyna geçdi we eýýäm çempionaty, Kubogy we Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Onuň şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli.

"Men onuň rahat, ruhubelent we höweslidigini görýärin. Bizde şertnama bar we ylalaşyga geljekdigimize ynanýaryn. Hansi "Barselona" bilen ýaşaýar we dem alýar. Biz ondan gaty razy. Tälimçiniň häsiýeti we duýgurlygy bar. Onuň durşuna seretsek, ol dartgynlylyga garamazdan bu ýerde öz wagtyndan lezzet alýar," – diýip, Laporta aýtdy.


şu gün 09:55
3.1k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

düýn 23:01
6.2k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.5k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.4k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......