Lamin Ýamal täze möwsümden “Barselonada” 10-njy belgini alar

  • 20.05.2025 22:07
  • 11k+

Lamin Ýamal täze möwsümden başlap, “Barselonada” meşhur onunjy belgide oýnar. Klubuň ýolbaşçylygy bu belgini ýaş futbolça 13-nji iýuldan soň, oýunçy 18 ýaşyna ýetenden soň bermek kararyna geldi diýip, X sosial ulgamynda Memorabilia1899 akkaunty habar berýär.

Häzir bu belgi Ansu Fatide, ýöne ol Fatiniň toparda galjakdygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan Ýamala berler.
Klub bu çözgüt atributika satuwyny ýokarlandyrar diýip pikir edýär. Ispan KHBS-i “Barselonanyň” Ýamal üçin zähmet hakyny ýokarlandyrmak bilen täze uzak möhletleýin şertnama taýýarlaýandygyny habar berýär.
Ozal “Barselonanyň” taryhynda onunjy belgini Lionel Messi, Diego Maradona, Ronaldinýo, Riwaldo we Romario alypdy.
Ýamal “Barselonada” 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol iki gezek Ispaniýanyň çempionatyny utdy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2024-nji ýylyň Ýewropa çempiony boldy. Häzirki möwsümde Ýamal 59 oýna gatnaşyp, klub we milli ýygyndy üçin 19 gol geçirdi. 


düýn 15:58
8.7k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......