"Barselona" 5:2 hasabynda "Realy" utup, Ispaniýanyň Superkubogyny aldy

  • 13.01.2025 02:19
  • 13k+

Ispaniýanyň futbol boýunça Superkubogy ugrundaky final duşuşygynda "Barselona" "Realy" 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Saud Arabystanynda geçirildi.

Katalon klubunyň düzüminde gollary Lamin Ýamal (22-nji minut), Robert Lewandowski (36, pen.), Rafinýa (39, 48) we Alehandro Balde (45+10) geçirdi. "Realdan" Kilian Mbappe (5) we Rodrigo (60) tapawutlandy. 57-nji minutda "Barselonanyň" derwezebany Woýseh Şensnyý gyzyl duýduryş alyp, meýdandan çykaryldy.
Şu möwsümde klublar eýýäm ikinji gezek duşuşdy. Birinji oýunda La Liganyň 11-nji tapgyr duşuşygynda "Barselona" myhmançylykda "Realy" 4:0 hasabynda ýeňipdi.

"Barselona" Ispaniýanyň Superkubogyny 15-nji gezek aldy. Ol bu görkeziji babatda rekord eýesidir. "Real" bu baýragy 13 gezek aldy. Soňky gezek "Real" 2024-nji ýylda finalda "Barselonany" 4:1 utup, kubogy alypdy.


şu gün 00:04
878

Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowa garşy 11 gol geçirdi: Holand rekord goýdy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Ýewropada saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyr oýunlarynyň birinde Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowadan uly hasap bilen üstün çykdy. Oslodaky oýun 11:1 hasabynda tamamlandy. “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand bäş gol geçirip, iki assist etdi...

09.09.2025 23:42
10k+

Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy...

09.09.2025 23:10
4.8k+

“Liwerpul” deňiz tolkunynyň reňkinde täze eşik toplumyny hödürledi

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Ol tomusdan bäri toparyň tehniki hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän adidas tarapyndan taýýarlandy. Täze eşik deňiz tolkunynyň reňkinde ýerine ýetirildi we 1990-njy ýyllardaky we 2000-nji ýyllaryň başyndaky klub eşiginiň stilinde döredildi...

08.09.2025 17:16
13k+

Braziliýaly işewür Neýmara 1 mlrd dollar miras goýdy

Braziliýaly işewür “Santos” klubunyň hüjümçisi Neýmara 1 mlrd dollar miras galdyrdy. Bu barada Terra ispan neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, işewür 31 ýaşynda. Onuň ady aýan edilmeýär, ýöne onuň maşgalasynyň we çagalarynyň ýokdugy hem-de saglyk näsazlygyndan ejir çekýändigi belli...