Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder

  • 20.10.2025 17:18
  • 7.1k+

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal, ähtimal, indi awtograf paýlamagyny bes etse gerek. Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, oýunçy tanymal türgenler tarapyndan gol goýlan sport harytlaryny we egin-eşikleri satmak bilen meşgullanýan kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar.

Maglumatlara görä, firma Ýamaldan janköýerler bilen duşuşyk wagty gol paýlamagy bes etmegini sorady. Dolanyşykda awtograf näçe az boldugyça, olaryň kolleksiýa gymmaty şonça-da ýokary bolýar. Geljekde futbolçynyň goluny almak isleýänler muny diňe kompaniýanyň resmi saýty arkaly amala aşyryp biler.
Şeýle-de, çeşme Ýamalyň düzgün tarapyndan göz öňünde tutulan awtograf-sessiýalary wagtynda awtograflaryň sanyny azaltmak barada “Barselonanyň” ýolbaşçylygy bilen gepleşik geçirýändigini habar berýär.
Ýamal 18 ýaşynda. Häzirki möwsümde ol “Barselona” üçin bäş oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi. Sentýabrda futbolçy France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän “Altyn top” baýragy üçin ses berişlikde ikinji orny eýeledi. 


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....