UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy

  • 11.08.2025 15:01
  • 10k+

UEFA “Barselonanyň” iki oýunçysyna geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Intere” garşy jogap oýnundan soň doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy. Bu barada AS gazeti habar berdi.

Katalon klubunyň hüjümçileri Lamin Ýamal we Robert Lewandowski doping işgäriniň görkezmesini berjaý etmedi we düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda derrew barlag nokadyna gelmedi. Jeza hökmünde oýunçylaryň her biri 5 müň ýewro möçberde jerime tölär.
Toparyň baş tälimçisi Hansi Flik “özüni alyp baryş düzgünlerini” bozandygy üçin indiki Çempionlar ligasynyň bir oýnundan çetleşdirildi we 20 müň ýewro möçberde jerime salyndy. Habarda Fligiň günäkär bolmagynyň takyk sebäbi görkezilmeýär. Şeýle-de, “Barselonanyň” baş tälimçisiniň kömekçisi Markus Zorga hem jeza berildi.
Şol oýunda “Barselona” goşmaça wagtda “Interden” 3:4 hasabynda utuldy we ýaryşyň finalyna çykyp bilmedi.


düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....