Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleriň sanawy yglan edildi

  • 09.08.2025 14:21
  • 11k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal 21 ýaşa çenli dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysyna berilýän Kopa baýragyna dalaşgärleriň sanawyna goşuldy. Bu barada “Altyn top” baýragynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi.

Beýleki dalaşgärleriň arasynda şular bar – Pau Kubarsi (“Barselona”), Dezire Due we Žoau Neweş (ikisi-de – “Pari Sen-Žermen”), Aýýub Buaddi (“Lill”), Estewao (“Çelsi”), Din Hýoýsen (“Real”), Maýlz Lýuis Skelli (“Arsenal”), Rodrigu Mora (“Portu”) we Kenan Ýyldyz (“Ýuwentus”).
Ýeňiji 22-nji sentýabrda Parižde geçiriljek “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda yglan ediler.
Ýamal – 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň iň gowy ýaş oýunçysy, ýaryşyň taryhynda iň gowy ýaş gatnaşyjy we gol awtory hökmünde ýaryşyň rekord eýesi. Ol 2024-nji ýylyň noýabrynda Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy hökmünde Golden Boy baýragyny aldy.
Geçen ýyl Kopa baýragy Ýamala berildi.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....