Messi bilen Ýamal biri-birine garşy oýnap biler: Ispaniýa we Argentina 2026-njy ýylyň martynda Katarda duşuşar

  • 19.12.2025 15:21
  • 7.2k+

Argentinanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Finalissima oýny 2026-njy ýylyň 27-nji martynda geçiriler. Duşuşyk Doha şäherindäki (Katar) «Lusail» stadionynda bolar.

Belli bolşy ýaly, bu oýun Ýewropa we Amerika çempionatlarynyň häzirki ýeňijileriniň arasynda geçirilýär. Toparlar geljekki oýunda oýnamak hukugyny 2024-nji ýyldaky ýeňişlerinden soň gazandy: Argentinanyň milli ýygyndysy Amerikanyň Kubogyny utdy, Ispaniýanyň milli ýygyndysy bolsa Ýewropanyň çempiony boldy.
2022-nji ýylda geçirilen Finalissimada Argentinanyň milli ýygyndysy Italiýanyň milli toparyny 3:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Londondaky (Angliýa) «Uembli» stadionynda boldy.
Geljekki oýnuň geçiriljek ýeri bolan «Lusail» stadiony ozal 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyny kabul edipdi. Şol oýunda Argentinanyň ýygyndysy Fransiýanyň toparyny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy (3:3, penaltide 4:2).


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......