“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy

  • 11.08.2025 15:45
  • 7.3k+

"Barselona” möwsümden öňki taýýarlygyny Žoan Gamperiň Kubogy ugrunda “Komo 1907” toparyna garşy oýun bilen tamamlady. Bu Seriýa A ligasyna täze goşulan topar bolup, oňa kataloniýalylaryň öňki oýunçysy Sesk Fabregas tälim berýär.

Häzirki wagtda “Kamp Nou” stadionynyň durky täzelenýär, şonuň üçin oýun Ýohan Kroýf adyndaky meýdançada geçirildi.
Ýer eýeleri eýýäm duşuşygyň birinji ýarymynda dört gol geçirdi. 21-nji minutda Fermin Lopes hasaby açdy, 14 minutdan soň ol ikinji goluny geçirdi. 37-nji minutda “Barsanyň” täze oýunçysy Markus Reşford Rafinýanyň gol geçirmegine kömek etdi. 42-nji minutda bolsa Lamin Ýamal gol bilen tapawutlandy.
“Barselonanyň” 18 ýaşly wingeri ikinji ýarymyň başynda-da gol geçirdi, 49-njy minutda oňa Ferran Torres kömek etdi. Şondan soň ahyrky jürlewüge çenli hasap üýtgemedi.
Netijede, “Barselona” “Komony” 5:0 hasabynda utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy.
Žoan Gamperiň Kubogy – bu 1996-njy ýyldan bäri “Barselona” tarapyndan geçirilýän ýoldaşlyk oýny. Kubok klubuň prezidentiniň we esaslandyryjysynyň adyny göterýär. 


düýn 15:42
6.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......