UEFA Çempionlar ligasy 2024/25-iň iň gowy oýunçylaryny we simwolik toparyny kesgitledi

  • 02.06.2025 12:20
  • 11k+

“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Usman Dembele 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berilýär.

28 ýaşly fransuz bu ýaryşda 15 oýna gatnaşyp, 8 gol geçirdi we 6 assist etdi. Finalda ol iki assist bilen tapawutlandy.
Ýaryşyň iň gowy ýaş oýunçysy onuň 19 ýaşly topardaşy, winger Dezire Due boldy. Geçen möwsümde ol 16 oýna gatnaşyp, 5 gol geçirdi we 5 assist etdi.
UEFA-nyň saýtynda ony “möwsümiň açyşy”, “Inter” bilen final oýnunyň iň gowy oýunçysy diýip atlandyrdylar.

“Ol finalda iki gol geçiren ilkinji ýetginjek boldy. Geljekde beýleki ýaş oýunçylary özüni görkezmäge ruhlandyryp biljek nusgalyk göreldäniň bolmagy örän gowy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, UEFA ýaryşyň simwolik toparyny hödürledi. Oňa “PSŽ-niň” ýedi, “Barselonanyň” iki, “Interiň” we “Arsenalynyň” bir oýunçysy girdi.

  • Çempionlar ligasy 2024/2025-iň simwolik toparynyň düzümi:
  • Derwezeban: Janluiji Donnarumma (“PSŽ”).
  • Goragçylar: Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Markinýos (“PSŽ”), Alessandro Bastoni (“Inter”), Nunu Mendeş (“PSŽ”).
  • Ýarymgoragçylar: Witinýa (“PSŽ”), Deklan Raýs (“Arsenal”).
  • Hüjümçiler: Lamin Ýamal (“Barselona”), Dezire Due (“PSŽ”), Usman Dembele (“PSŽ”), Rafinýa (“Barselona”).

Ýatlap geçsek, ýaryşyň finalynda “PSŽ” “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Bu Çempionlar ligasynyň taryhynda Pariž klubunyň ilkinji ýeňşi boldy.


düýn 14:15
9.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......